Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 151.0.7922.137 (Linux), 151.0.7922.137/.138 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 5 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com
12 Awgust 2026