Check Point howply gowşaklyk barada habar berdi
Check Point kompaniýasy ulanyjylaryny Security Management we Multi-Domain Management önümlerine täsir edýän CVE-2026-16232 atly örän howply gowşaklyk barada habar berdi. Bu gowşaklyk ýaramaz niýetli ulanyjy üçin autentifikasiýa barlagyndan aýlanyp geçmäge, administratoryň hukuklaryny ele almaga we howpsuzlyk syýasatlaryny üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, bu gowşaklyk ulanyşda bolmagy mümkin diýip bellenýär.
CVE-2026-16232 bilen bir hatarda, döredijiler ýene iki sany gowşaklyk üçin düzediş girizdiler: Security Management we Multi-Domain Management önümlerinde autentifikasiýa barlagyndan aýlanyp geçmäge we hukuklary artdyrmaga mümkinçilik berýän CVE-2026-62144 atly howply gowşaklyk, şeýle hem lokal ulanyjy üçin Security Gateway, Security Management önümlerinde hukuklaryny artdyrmaga mümkinçilik berýän CVE-2026-62145 belgili gowşaklyk üçin düzediş girizildi.
Çeşme: xakep.ru
29 Iýul 2026