Sişenbe, 21 Iýul 2026

Fortinet kompaniýasy birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasynyň birnäçe önümlerinde gowşaklyklar ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda gizlin maglumatlary aýan etmek, hukuklary artdyrmak, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklardan (CVE-2026-22153, CVE-2026-59835, CVE-2026-59841, CVE-2026-59837, CVE-2026-23573, CVE-2026-59839, CVE-2025-53379, CVE-2026-59836, CVE-2025-62826, CVE-2025-62675, CVE-2026-59838, CVE-2025-43892, CVE-2026-59840) peýdalanyp biler. Bu gowşaklyklar Fortinet kompaniýasynyň FortiOS, FortiSandbox, FortiSIEMWindowsAgent, FortiPAM, FortiProxy, FortiAuthenticator, FortiClientEMS, FortiSIEM önümlerine täsir edýärler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada has giňişleýin maglumatlary Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.

20 Iýul 2026

-
39