Penşenbe, 16 Iýul 2026

Microsoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 254 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 17 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 145 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 102 – maglumatlary aýan etmek, 35 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 16 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2026-njy ýylyň iýul aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 3 sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2026-56155 - Active Directory Federation Services hukuklary artdyrmak bilen bagly gowşaklyk;

  • CVE-2026-56164 - Microsoft SharePoint serwerinde hukuklary artdyrmak gowşaklygy;

  • CVE-2026-50661 - Windows BitLocker howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2026-njy ýylyň iýul aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com

15 Iýul 2026

-
12