Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Ivanti kompaniýasy Pulse Secure önümi üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Ivanti kompaniýasy Pulse Connect Secure (PCS) programma üpjünçiligine täsir edýän gowşaklyklary (CVE-2021-22893, CVE-2021-22894, CVE-2021-22899, CVE-2021-22900) aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy ulgama girmek we ony dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Pulse Connect Secure önüminiň howpsuzlyk maslahatyna görä, bu gowşaklyklary aýyrmak üçin Pulse Connect Secure serwer programma üpjünçiligini 9.1R.11.4 wersiýasyna täzelemeli.

Ulanyjylara howpsuzlyk maslahaty bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - pulsesecure.net.

04 Maý 2021

-
79