Ýekşenbe, 12 Iýul 2026

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy we howpsuzlyk gowşaklyklaryny düzetdi

Google kompaniýasy Chrome 150.0.7871.114 (Linux), 150.0.7871.114/.115 (Windows, Mac) wersiýalaryny çykardy. Bu täzelenme ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek,  maglumatlary üýtgetmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 27 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.

10 Iýul 2026

-
18