Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Composer paket dolandyryjysynda gowşaklyk ýüze çykaryldy

PHP üçin niýetlenen Composer paket dolandyryjysynyň döredijileri örän howply gowşaklygy aradan aýyrýan täzelenmäni çykardylar. Bu gowşaklyk ulanylan ýagdaýynda, islendik buýruklary ýerine ýetirmek we her PHP-paketine bekdor girizmek mümkinçilikleri berýär.

Örän howply gowşaklyk üçin CVE-2021-29472 identifikatory berildi. Bu gowşaklyk barada geçen hepde SonarSource kompaniýanyň hünärmenleri tarapyndan habar berildi. Programma döredijileri 12 sagadyň içinde gyssagly düzediş çykarandyklary barada bellemek gerek.

«Biz HgDriver/HgDownloader draýwerlerinde buýruklary girizmek mümkinçiligini berýän gowşaklygy aýyrdyk, şeýle hem beýleki VCS draýwerleriň we ýükleýjileriň goragyny güýçlendirdik», - diýip Composer wekilleri täzelenme baradaky habarynda belläp geçdiler – packagist.com.

Çeşme: anti-malware.ru

03 Maý 2021

-
100