Penşenbe, 09 Iýul 2026

Fortinet kompaniýasy birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasynyň birnäçe önümlerinde gowşaklyklar ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda howpsuzlyk çäklendirmeleri aýlanyp geçmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklyklardan (CVE-2025-31514, CVE-2026-25089, CVE-2025-67862, CVE-2026-49938, CVE-2025-25250) peýdalanyp biler. Bu gowşaklyklar Fortinet kompaniýasynyň FortiOS, FortiProxy, FortiSandbox, FortiSandbox Cloud, FortiSandbox PaaS, FortiPortal, FortiSASE önümlerine täsir edýärler.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada has giňişleýin maglumatlary Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com.

16 Iýun 2026

-
15