Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Cisco kompaniýasy Cisco Catalyst SD-WAN, Cisco Unified Communications Manager, Cisco Unified Communications Manager Session Management Edition, Cisco Webex Meetings we Cisco Finesse önümlerine täsir edýän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri çykardy.
Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda saýtara skripting amala aşyrmak, hukuklary artdyrmak, root-hukuklary bilen özbaşdak buýruklary ýerine ýetirmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
10 Iýun 2026