Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 149.0.7827.102 (Linux), 149.0.7827.102/.103 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 74 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2026-11645) ulanyşda bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
09 Iýun 2026