Anna, 10 Iýul 2026

2026-njy ýylyň iýun aýynyň Android täzelenmeleri köp sanly gowşaklyklary düzetdiler

Google kompaniýasy 2026-njy ýylyň iýun aýynyň Android üçin howpsuzlyk maslahatyny neşir etdi, bu howpsuzlyk täzelenmeler toplumy köp sanly howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri öz içine alýar.

Howpsuzlyk täzelenmeleriniň birinji bölüminiň (2026-06-01) çykmagy bilen jemi 72 sany gowşaklyklar düzedildi. Bu gowşaklyklar Framework, System we Google Play system düzüm böleklerinde düzedildi. Bu gowşaklyklara 40 sany hukuklary artdyrmak, 1 sany uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 8 sany maglumatlary aýan etmek we 21 sany «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek mümkinçilikleri berýän gowşaklyklary girýärler.

2026-njy ýylyň iýun aýynyň düzedişler toplumynyň ikinji bölümi (2026-06-05) Kernel, Imagination Technologies, MediaTek components, Unisoc components we Qualcomm düzüm böleklerinde jemi 52 sany gowşaklyklar üçin düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Android howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – android.com

04 Iýun 2026

-
15