Anna, 10 Iýul 2026

Oracle kompaniýasy birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Oracle kompaniýasy birnäçe önümleri üçin 2026-njy ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek we maglumatlary üýtgetmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Gowşaklyklar Oracle Communications Unified Assurance, Oracle Database Server, Oracle E-Business Suite, Oracle Hospitality OPERA 5 Property Services we Oracle REST Data Services önümlerine täsir edýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty aşakda görkezilen salgyda görüp bilersiňiz – oracle.com.

03 Iýun 2026

-
13