Anna, 10 Iýul 2026

Cisco kompaniýasy önümlerinde köp sanly gowşaklyklary aýyrdy

Cisco kompaniýasy howpsuzlyk maslahatlary çykarmak bilen Cisco Catalyst SD-WAN, Cisco ThousandEyes Enterprise Agent, Cisco ThousandEyes Virtual Appliance we Cisco Secure Workload önümlerine hem-de Cisco Nexus 3000 we 9000 tapgyrly swiçlerine täsir edýän howply gowşaklyklary barada habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.

Cisco kompaniýasy howpsuzlyk maslahatlarynda ulanyjylar üçin neşir edilen maslahatlary ýerine ýetirmäge çagyrýar.

Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.

01 Iýun 2026

-
29