Splunk döredijileri önümlerinde birnäçe howpsuzlyk gowşaklyklaryny aýyrdylar
Splunk döredijileri köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda gizlin maglumatlary aýan etmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Gowşaklyklar Splunk Enterprise 10.2.2, 10.0.5, 9.4.11, 9.3.12, Splunk Cloud Platform 10.3.2512.8, 10.2.2510.11, 10.1.2507.21, 10.0.2503.13 we Splunk AI Toolkit 5.7.3 wersiýalarynda düzedildi. Mundan başga-da, kompaniýa Splunk Enterprise, AppDynamics Apache Web Server Agent, AppDynamics Analytics Agent, AppDynamics Database Agent, AppDynamics Cluster Agent, AppDynamics Python Agent, AppDynamics Private Synthetic Agent, AppDynamics Java Agent, AppDynamics Machine Agent, User Behavior Analytics, Add-on for Tomcat app we Universal Forwarder ýaly üçünji tarap paketlerindäki ýalňyşlyklar üçin düzedişleri çykardy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Splunk howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - splunk.com
26 Maý 2026