NGINX howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
NGINX web-serweriniň birnäçe gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, maglumatlary üýtgetmek, spufing amala aşyrmak, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklyklardan (CVE-2026-8711, CVE-2026-40460, CVE-2026-40701, CVE-2026-42926, CVE-2026-42934, CVE-2026-42945, CVE-2026-42946) peýdalanyp biler. Nginx döredijileri bu gowşaklyklary aýyrmak üçin njs-0.9.9, nginx-1.30.1 (Stable) we nginx-1.31.0 (Mainline) wersiýalaryny çykardylar. Şeýle hem, Nginx döredijileri buferiň aşa dolmagyna getirip bilýän gowşaklygy (CVE-2026-9256) düzetmek üçin nginx-1.30.2 (Stable) we nginx-1.31.1 (Mainline) wersiýalaryny çykardylar.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty NGINX howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – nginx.org.
25 Maý 2026