Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamy dolandyrmak mümkinçiligini gazanmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp bilýär.
Ulanyjylara aşakda görkezilen Cisco howpsuzlyk maslahatlary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär:
Cisco Adaptive Security Appliance we Firepower Threat Defense programmalaryň web-hyzmatlarynyň buferiň aşa dolmagyna we ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek mümkinçiligini berýän gowşaklygy – CVE-2021-1493
Cisco Firepower Threat Defense programma üpjünçiliginiň SSL şifri açmak syýasatynyň ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek mümkinçiligini berýän gowşaklygy – CVE-2021-1402
Cisco Firepower Threat Defense programma üpjünçiliginde buýruklary girizmek mümkinçiligini berýän gowşaklygy – CVE-2021-1448
Cisco Adaptive Security Appliance we Firepower Threat Defense Software programmalarynda VPN web-hyzmatlarynyň ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek mümkinçiligini berýän gowşaklyklary – CVE-2021-1445, CVE-2021-1504
Cisco Adaptive Security Appliance we Cisco Firepower Threat Defense programmalarynda SIP barlag düzüm böleginiň ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» (DoS) ýagdaýyna getirmek mümkinçiligini berýän gowşaklygy – CVE-2021-1501
30 Aprel 2021