Anna, 10 Iýul 2026

QNAP kompaniýasy NAS enjamlaryna täsir edýän gowşaklyk barada habar berdi

QNAP kompaniýasy ýerli hukuklary artdyrmaga mümkinçilik berýän we "Dirty Frag" ady bilen tanalýan gowşaklyk (CVE-2026-43284) maglumatlary saklamak üçin niýetlenen NAS-enjamlaryna (Network-attached storage) täsir edýändigi barada habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda hukuklary artdyrmak, howpsuzlyk çäklendirmeleri aýlanyp geçmek we root-hukuklary bilen özbaşdak buýruklary ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Gowşaklyk QNAP x86-based NAS, QNAP ARM64- based NAS, QuTS hero NAS, QuTScloud NAS önümlerine täsir edýär.

Häzirki wagtda QNAP wagtlaýyn howpsuzlyk çärelerini neşir etdi, şeýle hem kompaniýa bu gowşaklygy düzetmek üçin düzedişleri çykarmagyň üstünde işleýär we ulanyjylara düzedişler çykarylandan soň haýal etmän gurnamagy maslahat berýär.

Gowşaklyk barada goşmaça maglumaty QNAP howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – qnap.com.

20 Maý 2026

-
22