Ivanti kompaniýasy EPMM önüminde 0-day gowşaklygy aýyrdy
Ivanti kompaniýasy “Endpoint Manager Mobile” (EPMM) önüminde 0-day howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2026-6973) bilen birlikde bäş sany gowşaklyklary (CVE-2026-5786, CVE-2026-5787, CVE-2026-5788, CVE-2026-6973, CVE-2026-7821) aýyrmak üçin 2026-njy ýylyň maý aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ivanti kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2026-6973) ulanyşda bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan nyşana alnan ulgamda hukuklary artdyrmak, gizlin maglumatlary aýan etmek we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Howpsuzlyk gowşaklyklary Endpoint Manager Mobile 12.6.1.1, 12.7.0.1, we 12.8.0.1 wersiýalarynda düzedildi.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty howpsuzlyk maslahatda görüp bilersiňiz – ivanti.com.
19 Maý 2026