Cisco kompaniýasy birnäçe önümlerinde howpsuzlyk gowşaklyklary barada habar berdi
Cisco kompaniýasy howpsuzlyk maslahaty çykarmak bilen Cisco Identity Services Engine (ISE), Cisco Enterprise Chat and Email (ECE), Cisco Prime Infrastructure, Cisco Slido, Cisco IoT Field Network Director Software, Cisco Crosswork Network Controller (CNC), Cisco Network Services Orchestrator (NSO), Cisco 350 Series Managed Switches (SG350), Cisco 350X Series Stackable Managed Switches (SG350X) we Cisco Unity Connection önümlerine täsir edýän howply gowşaklyklary barada habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, saýtara skripting amala aşyrmak, gizlin maglumatlary aýan etmek we hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Cisco kompaniýasy howpsuzlyk maslahatynda ulanyjylar üçin neşir edilen maslahatlary ýerine ýetirmäge çagyrýar.
Giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
11 Maý 2026