Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 148.0.7778.96 (Linux), 148.0.7778.96/97 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, hukuklary artdyrmak, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 127 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
08 Maý 2026