SonicWall faýerwolyň gowşaklyklaryny gyssagly düzetmäge maslahat berýär
SonicWall kompaniýasy SonicOS operasion ulgamynyň üç sany gowşaklyklaryny aýyrmak üçin düzedişleri çykardy we ulanyjylara Gen 6, Gen 7 we Gen 8 faýerwollary gyssagly täzelemäge maslahat berdi. SonicWall tarapyndan neşir edilen howpsuzlyk maslahatynda bellenilmegine görä, CVE-2026-0204 gowşaklygy ýokary derejede howply gowşaklyk bolup, gözegçilik serişdeleri aýlanyp geçmäge we dolandyryş interfeýsiň käbir funksiýalaryny ele geçirmäge mümkinçilik berýär. Dolandyryş interfeýsine girip bilýän ýaramaz niýetli ulanyjy, faýerwolda gorag sazlamalaryny üýtgedip we gorag çärelerini öçürip biler. CVE-2026-0205 we CVE-2026-0206 orta derejede howply gowşaklyklar bolup, howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek we faýerwolyň işinde bökdençlikleri döretmek üçin ulanylyp bilner. Düzedişler 6.5.5.2-28n, 7.3.2-7010 we 8.2.0-8009 programma üpjünçiliginiň wersiýalaryna girizildi.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada has giňişleýin maglumaty SonicWall howpsuzlyk maslahatynda tapyp bilersiňiz - SNWLID-2026-0004.
Çeşme: securityweek.com
05 Maý 2026