Anna, 10 Iýul 2026

QNAP NAS enjamlaryna täsir edýän gowşaklyk ýüze çykaryldy

QNAP kompaniýasynyň maglumatlary saklamak üçin niýetlenen NAS-enjamlaryna (Network-attached storage) täsir edýän gowşaklyk ýüze çykaryldy. "Copy Fail" ady bilen tanalýan we ýerli hukuklary artdyrmaga mümkinçilik berýän (CVE-2026-31431) bu gowşaklyk ýaramaz niýetli ulanyjylar tarapyndan ulanylýan bolmagy mümkin. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler.

Bu gowşaklyk 5.10 ýadrosynda (kernel) işleýän belli bir QNAP ARM64 NAS modellerindäki QTS operasion ulgamyna täsir edýär. Häzirki wagtda QNAP kompaniýasy bu meseläni derňeýär we degişli howpsuzlyk täzelemelerini taýýarlaýar.

Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty QNAP howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – qnap.com

04 Maý 2026

-
54