Anna, 10 Iýul 2026

Oracle kompaniýasy birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Oracle kompaniýasy birnäçe önümleri üçin 2026-njy ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda hukuklary artdyrmak, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, maglumatlary üýtgetmek we howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. 2026-njy ýylyň aprel aýynyň täzelenmeler toplumy 481 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty aşakda görkezilen salgyda görüp bilersiňiz – oracle.com.

23 Aprel 2026

-
16