Splunk birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Splunk kompaniýasy köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda gizlin maglumatlary aýan etmek we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Gowşaklyklar Splunk Enterprise 10.2.2, 10.0.5, 9.4.10, 9.3.11, Splunk Cloud Platform 10.4.2603.0, 10.3.2512.6, 10.2.2510.10, 10.1.2507.19, 10.0.2503.13, 9.3.2411.127 we Splunk MCP Server 1.0.3 wersiýalarynda düzedildi. Mundan başga-da, bu kompaniýa Splunk Enterprise, Operator for Kubernetes Add-on, IT Service Intelligence (ITSI) app we Universal Forwarder ýaly üçünji tarap paketlerindäki ýalňyşlyklar üçin düzedişleri çykardy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Splunk howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - splunk.com
22 Aprel 2026