Anna, 10 Iýul 2026

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Chrome 147.0.7727.101 (Linux), 147.0.7727.101/102 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklygy aýyrýar. Bu täzelenme 31 sany howpsuzlyk düzedişi öz içine alýar.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com

17 Aprel 2026

-
21