Microsoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2026-njy ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 93 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 13 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 20 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 21 – maglumatlary aýan etmek, 10 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 9 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2026-njy ýylyň aprel aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 2 sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2026-njy ýylyň aprel aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com
15 Aprel 2026