Anna, 10 Iýul 2026

Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy

Google kompaniýasy Chrome 147.0.7727.55 (Linux), 147.0.7727.55/56 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, maglumatlary üýtgetmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 60 sany howpsuzlyk düzedişleri öz içine alýar.

Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com

09 Aprel 2026

-
20