Anna, 10 Iýul 2026

Fortinet kompaniýasy FortiClient EMS üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasy FortiClient EMS önüminde täsir edýän howply gowşaklygy aýyrmak üçin düzedişleri çykardy. Gowşaklyk üçin CVE-2026-35616 identifikatory we (CVSS görkezijisi boýunça 9.1) derejesi berildi. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Kompaniýanyň bellemegine görä, gowşaklyk FortiClient EMS 7.4.5 we 7.4.6 önümlere täsir edýär. Fortinet kompaniýasy howpsuzlyk gowşaklyk (CVE-2026-35616) ulanyşda bolmagy mümkin diýip belleýär.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com

06 Aprel 2026

-
19