Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde 8 sany howpsuzlyk gowşaklyklary ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda erkin kod ýerine ýetirmek we maglumatlaryň syzmagyna getirmek ýagdaýyna getirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklyklary düzetmek üçin 146.0.7680.164 (Linux), 146.0.7680.164/165 (Mac, Windows) wersiýalaryny çykardy.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com
24 Mart 2026