Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 146.0.7680.71 (Linux), 146.0.7680.71/72 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, spufing amala aşyrmak, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklygy aýyrýar. Bu täzelenme 29 sany howpsuzlyk düzedişi öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com
18 Mart 2026