Cisco birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Cisco kompaniýasy birnäçe önümleriniň gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Cisco kompaniýasy Cisco IOS XR, Cisco Catalyst SD-WAN Manager, Cisco Catalyst SD-WAN Controller, Cisco Secure Firewall Management Center Software, Cisco Secure Firewall Adaptive Security Appliance (ASA) Software, Cisco Secure Firewall Threat Defense (FTD) Software, Cisco Webex, Cisco Snort 3 önümlerine we birnäçe Cisco Contact Center önümlerine täsir edýän howply gowşaklyklary aýyrmak üçin düzedişleri çykardy.
Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda saýtara skripting amala aşyrmak, hukuklary artdyrmak, root-hukuklary bilen özbaşdak buýruklary ýerine ýetirmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we howpsuzlyk çäklendirmeleri aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler.
Ähli düzedilen gowşaklyklar barada giňişleýin maglumaty Cisco howpsuzlyk sahypasynda görüp bilersiňiz – cisco.com.
17 Mart 2026