Wideo konferensiýalary amala aşyrmak üçin niýetlenen meşhur önümleri hödürleýän Zoom kompaniýasy önümlerinde 4 sany howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2026-30900, CVE-2026-30901, CVE-2026-30902, CVE-2026-30903) aýyrdy. Ýaramaz niýetli ulanyjy hukuklary artdyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Gowşaklyklar aşakda görkezilen önümlere täsir edýärler:
- Zoom Workplace Windows üçin 6.6.x şahasynda 6.6.11 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
- Zoom Workplace VDI Client Windows üçin 6.6.10 wersiýasy (6.6.x-den pes bolan VDI şahalary täsir etmeýär);
- Zoom Meeting SDK Windows üçin 6.6.x şahasynda 6.6.11 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
- Zoom Rooms Windows üçin 6.6.5 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
- Zoom Workplace Windows üçin 6.6.0 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
- Zoom Workplace VDI Client Windows üçin degişli şahalarda 6.4.15, 6.5.13 we 6.6.10 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
- Zoom Rooms Windows üçin 6.6.0 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
- Zoom Workplace Windows üçin 6.6.0 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
- Zoom Workplace VDI Client Windows üçin degişli şahalarda 6.4.17, 6.5.15 we 6.6.10 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Zoom howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz - zoom.us