Anna, 10 Iýul 2026

Microsoft kompaniýasy 2026-nji ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2026-nji ýylyň mart aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 46 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 2 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 18 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 10 – maglumatlary aýan etmek, 4 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 4 – maglumatlary üýtgetmek amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2026-nji ýylyň mart aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 2 sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişlerini öz içine alýar, bu gowşaklyk:

  • CVE-2026-21262 - SQL Server-iň hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
  • CVE-2026-26127 - .NET-iň «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» gowşaklygy;

Bu «Sişenbe düzedişleri» üç sany "howply" gowşaklyklary hem öz içine alyp, olaryň 2-si (CVE-2026-26110 we CVE-2026-26113) uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklyklary, beýlekisi bolsa (CVE-2026-26144)  maglumatlary aýan etmek bilen baglanyşykly gowşaklyk.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2026-njy ýylyň mart aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com

11 Mart 2026

-
25