Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google Chrome brauzerinde 1 sany howpsuzlyk gowşaklygyny (CVE-2026-2441) ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda erkin kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Google kompaniýasy gowşaklygy düzetmek üçin 145.0.7632.75/76 (Mac, Windows), 144.0.7559.75 (Linux) wersiýalaryny çykardy. Google kompaniýasy bu gowşaklyk (CVE-2026-2441) ulanyşda bolmagy mümkin diýip belleýär.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär – googleblog.com
17 Fewral 2026