Microsoft kompaniýasy 2026-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
Microsoft kompaniýasy 2026-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.
Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 25 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 5 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 12 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 6 – maglumatlary aýan etmek, 3 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 7 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.
Şeýle hem, 2026-nji ýylyň fewral aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 6 sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişlerini öz içine alýar, bu gowşaklyk:
CVE-2026-21510 - Windows Shell-iň howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek gowşaklygy;
CVE-2026-21513 - MSHTML Framework üçin howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek gowşaklygy;
CVE-2026-21514 - Microsoft Word üçin howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek gowşaklygy;
CVE-2026-21519 - Desktop Window Manager-iň hukuklary artdyrmak gowşaklygy;
CVE-2026-21525 - Windows Remote Access Connection Manager-iň «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» gowşaklygy;
CVE-2026-21533 - Windows Remote Desktop Services-iň hukuklary artdyrmak gowşaklygy.
Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2026-nji ýylyň fewral aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com
Çeşme: bleepingcomputer.com
16 Fewral 2026