OpenSSL howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy
OpenSSL döredijileri üç sany howpsuzlyk gowşaklyklary aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy bu gowşaklyklary nyşana alnan ulgamda maglumatlary üýtgetmek, gizlin maglumatlary aýan etmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny gazanmak we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin ulanyp bilýär.
Gowşaklyklar OpenSSL 3.6.1, 3.5.5, 3.4.4, 3.3.6, 3.0.19, 1.1.1ze we 1.0.2zn wersiýalarynda düzedildi.
Ulanyjylara OpenSSL täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - openssl-library.org
05 Fewral 2026