Anna, 10 Iýul 2026

Fortinet kompaniýasy birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Fortinet kompaniýasynyň birnäçe önümlerinde gowşaklyk ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler.

Bilermenleriň aýtmagyna görä bu gowşaklyk (CVE-2026-24858) Fortinet kompaniýasynyň FortiAnalyzer, FortiManager, FortiOS, FortiProxy we FortiWeb önümlerine täsir edýär.

Gowşaklyk we täzelenmeler barada has giňişleýin maglumatlary Fortinet howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz – fortinet.com

30 Ýanwar 2026

-
28