Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 144.0.7559.109 (Linux), 144.0.7559.109/.110 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek we uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklygy aýyrýar. Bu täzelenme 1 sany howpsuzlyk düzedişi (CVE-2026-1504) öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com
30 Ýanwar 2026