Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 144.0.7559.96 (Linux), 144.0.7559.96/.97 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek üçin ulanyp bilýän gowşaklygy aýyrýar. Bu täzelenme 1 sany howpsuzlyk düzedişi (CVE-2026-1220) öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com
22 Ýanwar 2026