Anna, 10 Iýul 2026

Microsoft kompaniýasy 2026-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2026-nji ýylyň ýanwar aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 57 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 3 - howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek, 22 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 22 – maglumatlary aýan etmek, 2 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 5 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2026-nji ýylyň ýanwar aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 3 sany 0-day gowşaklygy üçin düzedişini öz içine alýar, bu gowşaklyk:

  • CVE-2026-20805 — Desktop Window Manager-iň maglumatlary aýan etmek gowşaklygy;

  • CVE-2026-21265 — Secure Boot Certificate üçin howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek gowşaklygy;

  • CVE-2023-31096 — Windows Agere Soft Modem Driver-iň hukuklary artdyrmak gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2026-nji ýylyň ýanwar aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com

Çeşme: bleepingcomputer.com

16 Ýanwar 2026

-
27