QNAP kompaniýasy howpsuzlyk täzelenmeleri çykardy
QNAP kompaniýasy birnäçe önümlerine täsir edýän howpsuzlyk gowşaklyklary barada ulanyjylaryna habar berdi. Ýaramaz niýetli ulanyjy nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, gizlin maglumatlary aýan etmek we maglumatlary üýtgetmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Bu gowşaklyklar häzirki wagtda QNAP operasion ulgamynyň birnäçe wersiýalaryna, ýagny QTS 5.2.x, QuTS hero h5.2.x, we QuTS hero h5.3.x wersiýalaryna täsir edýär. Gowşaklyk QTS 5.2.8.3332 build 20251128, QuTS hero h5.2.8.3321 build 20251117 we QuTS hero h5.3.1.3250 build 20250912 wersiýalarynda düzedildi.
Gowşaklyk we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty QNAP howpsuzlyk maslahatynda görüp bilersiňiz – qnap.com
06 Ýanwar 2026