HPE OneView programmasynda howply gowşaklyk düzedildi
HPE kompaniýasynyň OneView programmasynyň howply howpsuzlyk gowşaklygy (CVE-2025-37164) ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklykdan peýdalanyp biler. Bu howpsuzlyk gowşaklygy OneView programmasynyň 11.00 wersiýasyna çenli bolan ähli wersiýalara täsir edýär we ol 11.00 wersiýasynda düzedildi.
Gowşaklyk we täzelenme barada goşmaça maglumaty aşakda görkezilen salgyda görüp bilersiňiz – hpe.com.
25 Dekabr 2025