Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 143.0.7499.146/.147 (Windows, Mac), 143.0.7499.146 (Linux) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyny getirmek, uzaklykdan kod ýerine ýetirmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar. Bu täzelenme 2 sany howpsuzlyk düzedişleri (CVE-2025-14765, CVE-2025-14766) öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
17 Dekabr 2025