Anna, 10 Iýul 2026

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Microsoft kompaniýasy 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleriň» çäginde programma üpjünçiliginiň birnäçe gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy.

Düzedilen gowşaklyklaryň arasyndan 28 sany gowşaklyk – hukuklary artdyrmak, 19 - uzaklykdan kod ýerine ýetirmek, 4 – maglumatlary aýan etmek, 3 - «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we 2 – spufing amala aşyrmak mümkinçilikleri berýärler.

Şeýle hem, 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň «Sişenbe düzedişleri» 3 sany 0-day gowşaklyklary üçin düzedişleri öz içine alýar, bu gowşaklyklar:

  • CVE-2025-62221 — Windows Cloud Files Mini Filter Driver draýweryň hukuklary artdyrmak mümkinçiligi berýän gowşaklyk;
  • CVE-2025-64671 — Jetbrains üçin GitHub Copilot-da uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy;
  • CVE-2025-54100 — PowerShell-de uzaklykdan kod ýerine ýetirmek gowşaklygy.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Microsoft kompaniýanyň 2025-nji ýylyň dekabr aýynyň howpsuzlyk täzelenmeleri sahypasynda görüp bilersiňiz – microsoft.com.

Çeşme: bleepingcomputer.com

15 Dekabr 2025

-
23