Apache döredijileri Apache HTTP-serweriň howpsuzlyk täzelenmesini çykardylar
Apache Software Foundation guramasy Apache HTTP-serweriň howpsuzlyk täzelenmesini çykarmak bilen howpsuzlyk gowşaklyklary (CVE-2025-55753, CVE-2025-58098, CVE-2025-59775, CVE-2025-65082, CVE-2025-66200) aýyrdy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan nyşana alnan ulgamda «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek we gizlin maglumatlary aýan etmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler. Bu meseleler Apache HTTP Server 2.4.65 we has irki wersiýalaryna täsir edýär. Gowşaklyklar Apache HTTP Server 2.4.66 wersiýasynda düzedildi.
Gowşaklyklar we täzelenme barada goşmaça maglumaty Apache täzelenmesi baradaky habarynda görüp bilersiňiz – apache.org.
09 Dekabr 2025