Anna, 10 Iýul 2026

Splunk birnäçe önümleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy

Splunk kompaniýasy köp sanly gowşaklyklaryny aýyrmak üçin howpsuzlyk täzelenmelerini çykardy. Ýaramaz niýetli ulanyjy uzaklykdan nyşana alnan ulgamda hukuklary artdyrmak, gizlin maglumatlary aýan etmek, howpsuzlyk çäklendirmelerden aýlanyp geçmek, maglumatlary üýtgetmek, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek we saýtara skripting amala aşyrmak üçin bu gowşaklyklaryň birnäçesinden peýdalanyp biler. Gowşaklyklar aşakda görkezilen wersiýalara täsir edýärler:

  • Splunk Enterprise 9.2.10, 9.4.6, 9.3.8 we 10.0.2 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
  • Splunk Cloud Platform 9.3.2411.120, 10.0.2503.8 we 10.1.2507.10 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
  • Splunk Secure Gateway 3.7.28, 3.8.58 we 3.9.10 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna;
  • Splunk MCP Server 0.2.4 wersiýasyndan öň çykan wersiýalaryna.

Gowşaklyklar we täzelenmeler barada goşmaça maglumaty Splunk howpsuzlyk maslahatlarynda görüp bilersiňiz:

05 Dekabr 2025

-
19