Google kompaniýasy Chrome üçin howpsuzlyk täzelenmesini çykardy
Google kompaniýasy Chrome 143.0.7499.40 (Linux) 143.0.7499.40/41 (Windows, Mac) wersiýasyny çykardy. Bu wersiýa ýaramaz niýetli ulanyjynyň gowşak ulgamda uzaklykdan kod ýerine ýetirmek mümkinçiligini gazanmak, «hyzmat etmekden ýüz öwürmek» ýagdaýyna getirmek, hukuklary artdyrmak, gizlin maglumatlary aýan etmek, howpsuzlyk çäklendirmelerini aýlanyp geçmek we spufing amala aşyrmak üçin ulanyp bilýän gowşaklyklary aýyrýar.
Bu täzelenme 13 sany howpsuzlyk düzedişleri (CVE-2025-13630, CVE-2025-13631, CVE-2025-13632, CVE-2025-13633, CVE-2025-13634, CVE-2025-13635, CVE-2025-13636, CVE-2025-13637, CVE-2025-13638, CVE-2025-13639, CVE-2025-13640, CVE-2025-13720, CVE-2025-13721) öz içine alýar.
Ulanyjylara Chrome täzelenmesi baradaky habary bilen tanşyp, gerekli bolan täzelenmeleri gurnamagy maslahat berilýär - googleblog.com.
04 Dekabr 2025