AiCloud bilen ASUS routerlerinde howpsuzlyk gowşaklyklary düzedildi
AiCloud funksiýasy bolan ASUS routerleriň sekiz sany gowşaklyklary (CVE-2025-59365, CVE-2025-59366, CVE-2025-59368, CVE-2025-59369, CVE-2025-59370, CVE-2025-59371, CVE-2025-59372, CVE-2025-12003) ýüze çykaryldy. Ýaramaz niýetli ulanyjy gowşak enjamlarda howpsuzlyk çäklendirmelerinden aýlanyp geçmek we islendik hereketleri ýerine ýetirmek üçin bu gowşaklyklardan peýdalanyp biler.
Asus kompaniýasy eýýäm programma üpjünçiligiň birnäçe şahalary, şol sanda: 3.0.0.4_386, 3.0.0.4_388 we 3.0.0.6_102 üçin düzedişleri çykardy we ulanyjylara howpsuzlyk täzelenmeleri ulanmagy maslahat berýär.
Çeşme: asus.com
02 Dekabr 2025