Anna, 10 Iýul 2026

Asus kompaniýasy routerler üçin täzelenmeleri çykardy

Asus kompaniýasy birnäçe DSL router modelleri üçin gyssagly görnüşde programma üpjünçiliginiň täzelenmesini çykardy. Bu täzelenme ýaramaz niýetli ulanyjylar üçin autentifikasiýa barlagy geçmän enjamlary doly dolandyrmaga mümkinçilik berýän howply gowşaklygy düzedýär.

Gowşaklyk üçin CVE-2025-59367 identifikatory berildi we ol DSL-AC51, DSL-N16 we DSL-AC750 routerlerine täsir edýär.

CVE-2025-59367 gowşaklygy 1.1.2.3_1010 programma üpjünçiliginiň täze wersiýasynda düzedildi.

Şeýle hem, bilermenleriň belläp geçmegine görä, Asus routerleriň 4G-AC55U, 4G-AC860U, DSL-AC68U, GT-AC5300, GT-AX11000, RT-AC1200HP, RT-AC1300GPLUS we RT-AC1300UHP modellerini ele geçirmek üçin hasaba alyş maglumatlary tapmak, autentifikasiýa barlagyndan aýlanyp geçmek we buýruklary girizmek mümkinçiligi berýän köne gowşaklyklary (CVE-2023-39780, CVE-2024-12912, CVE-2023-41345/46/47/48, CVE-2025-2492) ulanyşda bolmagy mümkin.

ASUS ulanyjylara routerleri üçin täzelenmeleri gurnamak ýa-da ulanyş möhleti gutaran Asus routerlerini täze, goldanylýan modellerine çalyşmagy maslahat berýär.

Çeşme: asus.com

24 Noýabr 2025

-
33