Çarşenbe, 09 Iýul 2025

Microsoft birnäçe .NET Framework wersiýalarynyň goldawy gutarýandygy barada habar berdi

Microsoft kompaniýasy könelişen we ygtybarly bolmadyk kriptografik heş algoritmi (SHA-1) ulanmak arkaly gol çekilen birnäçe .NET Framework wersiýalarynyň goldawy indiki ýyl gutarjakdygyny habar berdi.

.NET Framework – bu programma döredijilere .NET programmalary, web-saýtlary we hyzmatlary döretmek, ulanyjylara bolsa köp sanly operasion ulgamlarynda (şol sanda Windows ulgamynda) olary işletmek mümkinçiligini berýän mugt programma üpjünçiligi döretmek boýunça gurşawydyr.

".NET Framework 4.5.2, 4.6 we 4.6.1 wersiýalaryň goldawy 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 26-na tamamlanar. Şol seneden başlap, biz bu wersiýalar üçin täzelenmeleri, şol sanda howpsuzlyk düzedişleri ýa-da tehniki goldaw üpjün etmäge bes ederis". -diýip .NET taslamasynyň inženerlik bölüminiň müdiri Jamşed Damkewala habar berdi.

Diňe Windows 10 Enterprise LTSC 2015 operasion ulgamy bilen üpjün edilýän .NET Framework 4.6 wersiýasynyň goldawy 2025-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli, ýagny operasion ulgamyň goldawy gutarýança uzaldylýar.

.NET döredijilere howpsuzlyk täzelenmeleri we tehniki goldawy almagy dowam etmek üçin 2022-nji ýylyň aprel aýynyň 26-na çenli programmalaryny .NET Framework 4.6.2 ýa-da has soňky wersiýalaryna geçirmek maslahat berilýär.

Çeşme: bleepingcomputer.com

27 Aprel 2021

-
85